Turkmenportal logo
Düýn 17:12
21692169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýada geçirilýän uçurymlaryň hepdeligine gatnaşýar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Germaniýanyň akademiki alyş-çalyşlar gullugynyň (DAAD) goldawy bilen Swikkau şäheriniň Günbatar Saksoniýa amaly ylymlar uniwersiteti tarapyndan guralan uçurymlaryň hepdeligine gatnaşýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen ýokary okuw mekdepleriň wekillerini bir ýere jemläp, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak, akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek we halkara gatnaşyklary berkitmek üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Swikkau şäheriniň Günbatar Saksoniýa amaly ylymlar uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk 2016-njy ýylda gol çekilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama esasynda alnyp barylýar. Şol sebäpli hem, bu saparyň iň esasy wakasy türkmen wekiliýetiniň Günbatar Saksoniýa uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen geçiren duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerine baha berdiler we özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler. Şunda bilelikdäki ylmy-barlag we bilim taslamalary, akademiki maksatnamalar, talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşlary, şeýle hem telekommunikasiýalar, maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Swikkau uniwersitetiniň rektory Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünärmenleri taýýarlaýyş derejesine ýokary baha berdi we hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Duşuşygyň netijeleri boýunça gatnaşyklary dowam etdirmek, täze bilim hem-de ylmy başlangyçlary bilelikde işläp taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.