Turkmenportal logo
Düýn 16:12
48204820
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Angliýanyň dört patyşany gören 109 ýaşly raýaty aradan çykdy
Surat: mir24.tv

Angliýanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy Artur Espinoll aradan çykdy, ol 1-nji iýunda Bolton şäherindäki öýünde gözüni baky ýumdy. Espinoll 109 ýyl we 231 gün ýaşady diýip, «MIR 24» habar berdi.

Artur Espinoll Beýik Britaniýanyň 1916-njy ýylda doglan iň soňky ýaşaýjysydy. Ol ömrüniň dowamynda dört britan patyşasynyň ýurdy dolandyryşyna hem-de 24 premýer-ministriň işlän döwrüne şaýat boldy.

Espinoll aradan çykandan soňra indi Birleşen Patyşalygyň iň uzak ýaşly raýaty 1917-nji ýylda doglan şotlandiýaly Hýu-Kerr boldy diýip, «Mirror gazeti» ýazýar. 9-njy iýulda onuň 109 ýaşy dolýar.

Aprelde Beýik Britaniýada Ikinji jahan urşunyň 109 ýaşly weterany Frenk Çester aradan çykdy, ol Wusterşir graflygynyň iň garry ýaşaýjysy hasaplanýardy we ýurduň iň uzak ýaşly raýatlarynyň sanyna girýärdi.