Şweýsariýanyň FlexBase kompaniýasy dünýäde iň uly ýerasty energiýa saklaýyş ulgamynyň gurluşygyna girişdi. Akymly redoks batareýasy tehnologiýasyna esaslanýan bu desga Argau kantonynyň Laufenburg şäherinde, Ýewropanyň energiýa ulgamynyň taryhy çatrygy hasaplanýan «Laufenburg ýyldyzy» diýlip tanalýan ýerde gurulýar — diýip, swissinfo neşiri habar berýär.
Laufenburg Tehnologiýa merkeziniň gurluşygy 2025-nji ýylyň ýazynda başlandy. Toplumyň düzümine batareýa esasly energiýa saklaýyş ulgamyndan başga-da, emeli aň tehnologiýalary bilen işleýän suw arkaly sowadylýan maglumatlary gaýtadan işleýiş merkezi, ofis jaýlary we barlaghanalar girer.
Batareýanyň esasy böleklerini ýerleşdirmek üçin çuňlugy takmynan 27 metr bolan hem-de uzynlygy iki futbol meýdançasyndan hem geçýän uly çukur gazylýar.
Desga ulanmaga berlenden soň, energiýa saklaýyş ulgamynyň sygymy 2,1 GWt·sagatdan geçer, kuwwaty bolsa 1,2 GWt-dan ýokary bolar. Bu görkezijiler şol kantonda ýerleşýän Leýbştadt atom elektrik stansiýasynyň kuwwaty bilen deňeşdirilip bilner.
Taslamanyň özeninde «Invinity Energy Systems» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen wanadiý esasly akymly batareýalar tehnologiýasy durýar. Litiý-ion batareýalaryndan tapawutlylykda, redoks batareýalary energiýany suwuk elektrolitler bilen doldurylan uly gaplarda saklaýar, olar ýanmaýar we köp ýyllap ulanylanda hem öz häsiýetlerini ýitirmeýär.
Hasaplamalara görä, toplanan energiýa 210 müň öý hojalygyny bir gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ýeterlik bolar. Desganyň kuwwaty häzirki wagtda işleýän iň iri redoks energiýa saklaýyş ulgamyndan — sygymy 700 MWt·sagat bolan Hytaýyň «Xinhua Ushi» taslamasyndan ep-esli ýokary bolar.
Desgany ulanmaga bermek 2029-njy ýyla meýilleşdirilýär. Taslama döwlet gatnaşmazdan, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylýar. Onuň bahasy 1 milliarddan 5 milliard şweýsar frankyna çenli (1,2–6,2 milliard ABŞ-nyň dollary) bahalandyrylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde sebitde takmynan 300 täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.