16-njy maý — 1-nji iýun aralygynda Daşkentiň Irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak boýunça inženerler institutynyň on dokuz talyby S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünär tejribeligini geçdiler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, tejribelik maksatnamasyna özbek ýokary okuw mekdebiniň 2 sany mugallymy hem gatnaşdy.
Daşary ýurtly myhmanlar Ak bugdaý etrabynyň «Gidropark» suw galdyryjy stansiýasyna we «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna baryp gördüler. Şeýle hem özbek talyplary S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň professor-mugallymlar düzümi tarapyndan guralan leksiýalara we amaly sapaklara işjeň gatnaşdylar.
Tejribelik maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa merkezine, Döwlet merkezi botanika bagyna, şeýle-de paýtagtdaky «Daşkent» seýilgähine gezelençler hem guraldy.
Habarda bellenilişine görä, iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan ylmy-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýakyn wagtda S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe geçmek üçin Özbegistana iş sapary meýilleşdirilýär.