Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Bilim ministrligi we Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralýan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata hasaba alynmak başlandy.
Halkara sergi we ylmy maslahaty 2026-njy ýylyň 10 — 12-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýär.
Halkara ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus dilleri.
Halkara ylmy maslahatyň işi 22 bölümde geçirilýär.
Halkara maslahatyň tematiki ugurlary:
I bölüm. Iç keseller.
II bölüm. Dikeldiş bejergisi.
III bölüm. Kardiologiýa.
IV bölüm. Häzirki zaman kardiologiýanyň we kardiohirurgiýanyň kliniki teswirnamalary.
V bölüm. Onkologiýa.
VI bölüm. Oftalmologiýa.
VII bölüm. Ýokanç keseller.
VIII bölüm. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak.
IX bölüm. Hirurgiýa.
X bölüm. Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa.
XI bölüm. Sanly lukmançylyk.
XII bölüm. Laboratoriýa we funksional anyklaýyş barlaglary.
XIII bölüm. Ýokanç däl keselleriniň patofiziologiki soraglary we sagdyn bedeniniň fiziologiýasynyň meseleleri.
XIV bölüm. Plastiki, rekonstruktiw hirurgiýa we estetiki lukmançylyk.
XV bölüm. Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar.
XVI bölüm. Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir.
XVII bölüm. Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek bilim syýasatynyň möhüm wezipesidir.
XVIII bölüm. Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak.
XIX bölüm. Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar.
XX bölüm. Nobatdaky Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň ugurlary.
XXI bölüm. Olimpiýa filosofiýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek.
XXII bölüm. Tebigy we takyk ylymlar, innowasion tehnologiýalar.
Giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.