Turkmenportal logo
Düýn 10:37
64776477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Guterriş: El-Nino gelýär, taýýar bolmak gerek
Surat: belta.by

Birleşen Milletler Guramasynda (BMG) tiz wagtda El-Nino howa hadysasynyň gaýdyp geljekdigini hem-de adatdan daşary yssy howa taýýarlyk görmelidigini duýdurdylar. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

BMG-niň ýöriteleşen edarasy bolan Bütindünýä meteorologik guramasy  El-Ninonyň döremeginiň şu ýylky ähtimallygyny 80 göterim çaklaýar. Bu adatdan daşary howa hadysasynyň noýabra çenli dowam etmek mümkinçiligi bolsa 90 göterime deňdir.

«El-Nino hadysasy ählumumy maýlamanyň oduna nepýag guýar. Netijeleri has-da güýçli bolar, taýýarlanmak gerek» diýip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş beýanat berdi.

Bu tebigy hadysa bilen baglylykda, dünýäniň dürli sebitlerinde golaý üç aýda jokrama yssy dowam eder, görülmedik ýagyşlar ýagar, guraklyk bolar.

El-Nino tebigy howa hadysasynyň täsiri bilen Ýuwaş ummanyň ekwator böleginde deňziň üstüniň temperaturasy kadadan ýokary bolýar. Netijede, tutuş dünýäde howa şertleri üýtgeýär, şol sanda planetanyň dürli böleklerinde klimat üýtgeşmeleri döreýär. Öňki El-Nino 2023— 2024-nji ýyllara gabat geldi. Ol synlamalaryň tutuş taryhynda iň güýçlüleriň bäşligine girdi hem-de 2024-nji ýyldaky rekord yssyny döretdi.