Turkmenportal logo
Düýn 10:33
71617161
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň gümrük gullugynyň wekiliýeti Sebitleýin okuw merkezleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistandaky Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Sebitleýin okuw merkeziniň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen BGG-niň Ýewropa sebitiniň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasynyň hem-de Sebitleýin okuw merkezleriniň 14-nji duşuşygyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň wekilleri duşuşykda merkeziň işi barada çykyş etdiler we öz iş tejribelerini paýlaşdylar.

Duşuşyk BGG-niň Ýewropa sebitiniň mümkinçilikleri ösdürmek boýunça sebitleýin edarasy tarapyndan alnyp baryldy hem-de oňa Ýewropa sebitindäki ähli Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, sebit boýunça Wise-başlygyň topary we BGG-niň Sekretariaty gatnaşdy.

Gün tertibiniň esasy bölegi hökmünde Sebitleýin okuw merkezler üçin täze Monitoringiň paneliniň (RTCs’ Dashboard) tanyşdyrylyşy we amaly synaglary geçirildi. Bu gural diňe bir tehniki platforma bolman, eýsem sebitleýin gurluşlaryň arasynda aragatnaşygy, utgaşdyrmagy we maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýän netijeli mehanizm hökmünde niýetlenendir.

Amaly sessiýanyň dowamynda gatnaşyjylar platformanyň mümkinçiliklerini synagdan geçirip, okuw we prezentasiýa materiallaryny ýükläp gördüler.