Turkmenportal logo
Düýn 10:04
52255225
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanda, Mary şäherinde Bilim ministrligi hem-de Döwlet energetika instituty tarapyndan guralan ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Final tapgyryna Türkmenistanyň ähli künjeklerinden innowasion tehnologiýalara höwes bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy. Bäsleşik 5 ugur boýunça geçirildi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bäş ugur boýunça geçirilen ýaryşyň netijelerine laýyklykda, «Päsgelçilikli tizlikli ýaryş» görnüşi boýunça Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülälek Gurbannazarowa birinji orna mynasyp boldy.

«Robot biatlon» ugrunda Aşgabat şäherindäki «Imdatbot» okuw merkeziniň diňleýjisi Emir Kulyýew ýeňiji boldy.

«Robot bouling» görnüşinde bolsa Aşgabat şäherindäki «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Abdyljelil Patyşagulyýew iň ýokary netijeleri görkezdi.

Şeýle hem «Robot reýs» bäsleşiginde A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy Alyhan Akgaýew ýeňiji bolmagy başardy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykaran «Täsin robot» görnüşi boýunça gatnaşyjylaryň 10-sy ýörite sylaglara mynasyp boldular.