Dünýä moda senagatyndaky iň meşhur ýöriteleşdirilen media platformalarynyň biri bolan Fashion Channel Italy kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Marsio Noçera şu gün Aşgabatda öz işine başlan «Turkmen Textile Expo 2026» halkara sergisiniň hormatly myhmanlarynyň biridir.
Fashion Channel köp ýyllaryň dowamynda Milan Fashion Week, Paris Fashion Week ýaly iri halkara moda forumlarynda geçirilýän çäreleri surata düşürip, giňden şöhlelendirip gelýär.
Bu platforma arkaly Dolce & Gabbana, Versace ýaly meşhur brendleriň moda görkezilişleri, söhbetdeşlikleri we sahna aňyrsyndaky wakalary, şeýle hem Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Aziýanyň täze dizaýnerleriniň işleri dünýä tomaşaçylaryna ýetirilýär.
«Turkmen Textile Expo 2026» sergisiniň çäklerinde geçiriljek çäreler we halkara moda görkezilişleri hem Fashion Channel mediaplatformasynyň muşdaklaryna hödürlener. Bu bolsa halkara hünärmenler jemgyýetçiligini Türkmenistanyň dokma senagaty, türkmen dizaýnerleri hem-de serginiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam eder.
Sergini guraýjylar munuň ähmiýetini bellemek bilen: «Turkmen Textile Expo üçin şeýle abraýly myhmanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu türkmen dokma pudagyny, milli brendleri we dizaýnerleri dünýä moda senagaty we fashion-işewürligi bilen baglanyşykly giň halkara tomaşaçylar köpçüligine tanatmak üçin uly mümkinçilikdir» — diýip nygtaýarlar.