Turkmenportal logo
Düýn 09:16
48594859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda: «Türkmen halkynyň gadymdan gelýän dokmaçylyk däpleri milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol halkymyzyň döredijilik zehininiň, zähmetsöýerliginiň we gözellige bolan belent söýgüsiniň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde milli dokmaçylyk sungatyny ösdürmek, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmak, dünýä giňişliginde mynasyp derejede wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän möhüm pudaklarynyň birine öwrüldi. Soňky ýyllarda, şol sanda geçen ýylyň dowamynda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyryldy. Dokma kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyryldy, pudaga öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy, ýokary hilli we dünýä standartlaryna laýyk gelýän eksport ugurly önümleriň görnüşleri ep-esli giňeldildi. Şonuň ýaly-da, dokma pudagynyň kärhanalarynda sanly ulgamyň we awtomatlaşdyrylan dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri tygşytly peýdalanmaga, önümleriň hil derejesini halkara talaplara laýyklykda üpjün etmäge hem-de önümçiligiň doly sanly gözegçiligini amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.

Häzirki döwürde dokma pudagyny ösdürmekde halkymyzyň milli mirasyna, asylly däp-dessurlaryna we çeperçilik ýörelgelerini döwrebap tehnologiýalar, innowasion ösüş bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu çemeleşme türkmen dokma önümleriniň milli özboluşlylygyny saklamaga, olaryň çeperçilik gymmatyny has-da baýlaşdyrmaga hem-de halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär» diýip belleýär.

Döwlet Baştutany Gutlagynyň ahyrynda «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň işiniň netijeli geçjekdigine, ýurduň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirip, oňa gatnaşyjylary bu möhüm halkara çäräniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.