1-nji iýunda Türkmenbaşy şäherindäki «Ish Nokady» koworking merkezinde ýerli ilat üçin howa bilimi we ekologiýa boýunça habarlylygy ýokarlandyrmaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.
Çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan «Ýaş Tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde «Deňizdäki zyňyndylara we deňizdäki plastmassa hapalanmasyna garşy göreş – Hazar sebitinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň çäklerinde hem-de Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guraldy.

Çäre ekologiýany goramagyň işjeň agzalaryny, welaýat we şäher häkimlikleriniň wekillerini, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň agzalaryny bir ýere jemledi. Çäräniň möhüm böleginiň biri-de howanyň üýtgemegi barada maglumat bermek we BMGÖM-niň Russiýa Federasiýasynyň Ynam Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän sebit başlangyjy bolan «Howa sandygy» maksatnamasyny ilerletmekden ybarat boldy. Bu maksatnama sebitde howa biliminiň ösdürilmegine ýardam berýär. Umuman, okuw maslahaty ekologiýa bilimleri bilen Hazarýaka sebitini goramak boýunça amaly çäreleriň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmäge ýardam etdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda durnukly sarp ediş, howa bilimine täze çemeleşmeler, zyňyndylary we galyndylary dolandyrmak hem-de serişdelerden jogapkärçilikli peýdalanmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar Türkmenistanda tebigaty goramak ugrunda alnyp barylýan işler barada ruhlandyryjy wideorolikleri gördüler, ýaşlary ekologiýa we meýletinçilik başlangyçlaryna çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem howa bilimi we amaly hereketler babatda innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdylar.

«Deňizdäki zyňyndylara we deňizdäki plastmassa hapalanmasyna garşy göreş – Hazar sebitinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasy 2026-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasynyň Sekretariaty we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda işe girizildi. Taslama Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de Azerbaýjanda, Eýranda, Gazagystanda we Türkmenistanda amala aşyrylýar.

Taslamanyň çäklerinde esasy üns gury ýerden gelip çykýan hapalanmalaryň deňiz gurşawyna ýetirýän täsirine gönükdirilendir. Bu başlangyç Hazarýaka döwletleriniň häzirki tagallalaryna laýyk gelýär hem-de Tähran konwensiýasynyň tejribesine, şol sanda onuň gury ýer çeşmelerinden döreýän hapalanmalar baradaky Teswirnamasynyň we Strategik hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.