Türkmenbaşy şäherinde bütin dünýäde 5-nji iýunda bellenilip geçilýän Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanan kenarýaka zolagyny arassalamak çäresi guraldy.

Bu çäre «Deňiz zir-zibillerine we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreşmek — Hazar deňzinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebitleýin maksatnamanyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guraldy. Çärä ýaşlar, häkimligiň hem-de BMGÖM-iň wekilleri gatnaşyp, olar bilelikde kenarýaka zolagyny plastik we beýleki galyndylardan arassaladylar.

Ýygnalan zir-zibiller soňra plastik, aýna, metal we organiki galyndylar ýaly dürli görnüşlere görä sortlara bölündi. Bu bolsa galyndylary aýratynlykdaky görnüşlere bölmegiň hem-de galyndylary dolandyrmaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Bu başlangyç Hazar deňziniň kenarýakasyny goramakda bilelikdäki hereketleriň wajyplygyny görkezmäge, ýaşlaryň we ýerli ilatyň arasynda ekologik jogapkärçiligi berkitmäge gönükdirildi.
«Deňiz zir-zibilleri, şol sanda plastik we mikroplastik galyndylar deňiz hem-de kenarýaka ekoulgamlary üçin esasy wehimleriň biri bolmagynda galýar. Kenarýakany arassalamak çäreleri ýerli ilatyň arasynda düşündiriş işlerini ýokarlandyrmak we jogapkärçilikli ekologik medeniýeti kemala getirmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Bu tagallalara ýaşlaryň çekilmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol uzak möhletleýin ekologik jogapkärçiligiň kemala gelmegine ýardam edýär we olaryň oňyn özgertmeleriň hereketlendiriji güýji hökmündäki ornuny berkidýär» diýip, BMGÖM-iň hünärmeni Jemal Durdykowa belledi.

Şeýle-de gatnaşyjylar çägeli kenarlarda zir-zibilleriň monitoringini geçirmegiň täze usullaryny barlap gördüler we deňiz hapalanmasynyň Hazar deňziniň ekoulgamyna ýetirýän giň gerimli täsirlerini, şonuň bilen bir hatarda ýaşlary tebigaty goramak işlerine çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Hazar deňzi diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň täsin tebigy hazynasydyr. Onuň baýlyklaryny we ajaýyp gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şu günki ekologik çäre biziň guramamyzyň ekologik terbiýe we daşky gurşawy goramak ugrunda yzygiderli geçirýän giň gerimli we köp taraply işleriniň diňe bir bölegidir» diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Leýli Şyhmedowa nygtady.

«Deňiz zir-zibillerine we deňiz plastik galyndylaryna garşy göreşmek — Hazar deňzinde ulgamlaýyn çemeleşme» atly sebitleýin maksatnama Russiýa Federasiýasy tarapyndan maliýeleşdirilýär hem-de BMGÖM we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) tarapyndan Azerbaýjanda, Eýranda, Gazagystanda we Türkmenistanda durmuşa geçirilýär. Maksatnama deňiz gurşawynyň gury ýerden hapalanmagy baradaky meseläni çözmäge gönükdirilendir we Hazar deňziniň duýgur ekoulgamyny goramak boýunça sebit derejesindäki utgaşykly tagallalary goldaýar.