«Art-bazar» galereýasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 20-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriljek «Neo-poeziýa» atly serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.
Bu çäre türkmen ýazyjysy, şahyry we dramaturgy Hemra Şirowyň giň göwrümli synag taslamasydyr.
Görkeziljek işler edebiýat we kitap okamak baradaky adaty düşünjeleri düýpgöter üýtgedip, goşgulary diňe bir diňlemän, eýsem, olara doly derejeli surat hökmünde syn etmegiň hem mümkindigini subut edýär.
Awtor köp ýyllaryň dowamynda häzirki zaman tekstlerini çylşyrymly şekillere we simwollara öwrüp, sözlerden wizual obrazlary döredip gelýär.
Sergide esasy orny H.Şirowyň meşhur wizual goşgulary eýelär, olar öz gezeginde rowaýata öwrülen fransuz şahyry Giýom Apollineriň kalligrammalaryna salgylanmadyr.
Ozal bu grafiki eserler Germaniýada geçirilen bütindünýä sergisinde uly üstünlik bilen görkezilip, halkara tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy. Sergä gelýänler nusgawy kitaplarda tas duşmaýan iň seýrek žanrlar: anagrammalar, akrostihler, mezostihler, diagonal gurluşlar we şekilli labirintler bilen tanyş bolup bilerler.
Serginiň esasy aýratynlygy bolsa onuň doly interaktiwligindedir, ýagny görkezilýän eksponatlaryň ählisini el bilen ellemäge, ele almaga we okamaga rugsat berilýär.
Açylyş dabarasynda Hemra Şirow myhmanlary özi garşylap, goşgy-grafikalary (stihografika) döretmegiň syrlary barada gürrüň berer.
Salgysy: «Art-bazar» galereýasy, Olimpiýa şäherjiginiň çägi, «Operation centre» binasy. Giriş mugt.