Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalynda (tradebridge.gov.tm) «Emeli aňy» (EA) ulanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji iýundan başlap, «Bir penjire» ulgamda EA-nyň kömegi arkaly Türkmenistandan eksport edilýän we import edilýän harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny kesgitlemäge, zerur bolan rugsat beriş resminamalary hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri barada deslapdan maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi.
Bu taslama Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen baglaşylan «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» boýunça ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy. Ulgamda «Emeli aň» göni iş tertibinde we türkmen, rus, iňlis dillerinde işleýär.
«Bir penjire» ulgamda EA-nyň işe girizilmegi – gümrük amallarynda harytlary toparlara bölmek işini ýeňilleşdirip, gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň has çalt we netijeli ýerine ýetirilmegine mümkinçilik döreder.
Şeýle hem daşary söwdanyň statistikasynyň has takyk ýöredilmegine, gümrük paçlarynyň dogry hasaplanylmagyna, sanly gümrük hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine, daşary ykdysady işe gatnaşyjylara berilýän maglumat goldawynyň kämilleşdirilmegine hem-de gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.