Turkmenportal logo
Düýn 13:31
1021010210
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasyna gatnaşýar

Ženewada Halkara zähmet guramasynyň (HZG) Halkara zähmet maslahatynyň 114-nji sessiýasy öz işine başlady.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, forumyň işine Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuşy taýdan goramak ministri M.Silapowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli döwlet edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler аrkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri bar. Iki hepdeden gowrak wagtyň dowamynda wekiller iş üpjünçiligini gazanmagyň, durmuş goraglylygyny kämilleşdirmegiň we durmuş dialogyny berkitmegiň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Sessiýanyň çäklerinde Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Silapowyň HZG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň ýokary ösüş depginini kanagatlanma bilen bellediler. Milli zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, zähmeti goramagyň toplumlaýyn ulgamyny kämilleşdirmäge we zähmetkeşler üçin durmuş kepilliklerini berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki «Ýol kartasynyň» düzgünlerini üstünlikli durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şeýle hem mynasyp zähmet ýörelgelerini öňe sürmäge we durnukly durmuş ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen täze geljegi uly taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk bildirildi.