Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we «Barselona» toparynyň öňki ýarym goragçysy Andres Inýesta tälimçilik işine başlady. Ol Birleşen Arap Emirlikleriniň güýç derejesi boýunça ikinji diwizionynda çykyş edýän «Galf Ýunaýted» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berildi. Klub 2019-njy ýylda Dubaý şäherinde döredildi.
«Galf Ýunaýted» — bu meniň durmuşymda täze sahypany açmak üçin örän amatly ýer. Men ýaş futbolçylaryň dogry ýoldan ösmegine — sabyrlylyk, oýna aýdyň düşünmek we her bir adama ýürekden üns bermek arkaly ýardam bermek isleýärin. Şeýle hem tälimçi hökmünde kämilleşmegi, hakyky tejribe toplamagy we Pro derejeli ygtyýarnama almagy maksat edinýärin» — diýip klubyň saýty Inýestanyň sözlerini getirýär.
42 ýaşly hünärmen özüniň futbol ýoluny 2024-nji ýylda tamamlady. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy we Ýewropa çempionatynda iki gezek ýeňiş gazandy.
Inýesta 2002–2018-nji ýyllar aralygynda çykyş eden «Barselona» bilen dokuz gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, dört gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy, alty gezek Ispaniýanyň Kubogyny, ýedi gezek Ispaniýanyň Superkubogyny we üç gezek UEFA-nyň Superkubogyny eýeledi. Soňky ýyllarda ol Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» toparynda çykyş etdi. Futbolçy hökmünde onuň soňky topary bolsa Birleşen Arap Emirlikleriniň «Emireýts» kluby boldy.