Turkmenportal logo
Düýn 10:37
98709870
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini Respublika gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Italiýanyň milli baýramy — Respublika gününiň 80 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we işinde üstünlikleri, Italiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini Respublika gününiň 80 ýyllygy bilen gutlady | Turkmenportal.com