Turkmenportal logo
Düýn 09:33
62896289
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Parižde öň 120 müň dollara satylan banan ogurlandy
Surat: mir24.tv

Fransiýanyň paýtagtyndaky Pompidu-Mes merkezi ýekşenbede Maurisio Kattelanyň «Komediýaçy» atly sungat eseriniň ogurlanandygy barada polisiýa habar berdi. Gürrüňi edilýän art-eser ýelimli kagyz bilen diwara ýapyşdyrylan banandan ybarat bolup, miwe zym-zyýat boldy. Bu barada «rg.ru» habar berýär.

«Tiz zaýalanýan bananyň ýitendigi şenbede muzeýiň gözegçisi tarapyndan hasaba alyndy» diýlip, merkeziň arzasynda bellenýär. Edara bananyň her üç günden çalşylyp durulýandygyna garamazdan, ogurlyk muzeýde sergilenýän eserlere hormaty egisýär diýip hasaplaýar. Indi banan ýene täzelendi, sergi gymmatlygynyň işi-de adaty tertipde dikeldildi diýip, «AFP» habar berdi.

Sungat düşünjesini şübhe astynda goýýan «Komediýaçy» eseriniň sergisi 2025-nji ýylyň maýynda badalga aldy, ol 2027-nji ýylyň ýanwarynda tamamlanar. Geçen ýylyň iýulynda merkeze gelen bir adam diwardaky banany goparyp iýipdi.

2024-nji ýylda bolsa, bu eseriň nusgalygy auksionda «Tron» kriptopul platformasyny esaslandyran Jastin San tarapyndan 6,2 million dollara satyn alyndy. Bu hytaý asylly amerikan telekeçisi ony onlarça žurnalistiň hem-de meşhur adamlaryň gözüniň alnynda iýdi, ol miwäni ýuwdup: «Bu beýleki bananlardan kän süýji ekeni» diýdi.