Müsürli arheologlar ýurduň Beni-Sueýf ülkesinde gadymy ybadathananyň galyndylaryny hem-de söýginiň we gözelligiň zenan hudaýy Afroditanyň heýkeliniň kelle bölegini tapdylar. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk we gadymy gymmatlyklar ministrliginiň habarlar gullugy habar berdi.
Tapyndylar antik şäher Gerakleopolyň ýerleşen Ihnasiýa-el-Madina etrabynda ele salyndy. Alymlar şeýle-de ol ýerde faraon Senusert III ady ýazylan daş böleginiň we başga-da birnäçe taryhy gymmatlyklaryň üstünden bardylar. Olaryň ählisi Gerakleopolyň gadymy müsür, grek we rim döwürlerindäki dini hem medeni ornuna göz ýetirmäge mümkinçilik berer diýip, arheologlar umyt edýärler.
Müsüriň möhüm arheologik ýadygärlikleriniň biri hasaplanýan Gerakleopol geçmişde IX we X müsür nesilşalyklaryň höküm süren döwründe paýtagt şäher bolupdyr.