Turkmenportal logo
Düýn 10:53
74337433
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Disney & Pixar» kompaniýalarynyň söýgüli multfilmleriniň meşhur sazlary simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

20-nji iýunda sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Disney & Pixar» atly konsert bolar. Orkestre ýurduň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk eder.

​Konsertde tomaşaçylar üçin dünýäniň millionlarça muşdaklarynyň söýgüsini gazanan meşhur animasiýa filmleriniň sazlaryndan we mukamlaryndan ybarat bolan täsirli programma taýýarlanyldy.

​Simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde «Arslan şa» (Король Лев), «Ýokaryk» (Вверх), «Kokonyň syry» (Тайна Коко), «Tarzan», «Kung-fu panda», «Eldoradonyň ýoly» (Дорога на Эльдорадо), «Ratatuy» (Рататуй), «Sowuk ýürek» (Холодное сердце), «Meri Poppins» (Мэри Поппинс), «Notr-Damly bökür» (Горбун из Нотр-Дама), «Enkanto» (Энканто), «Moana», «Madagaskar» ýaly meşhur multfilmleriň saz eserleri ýaňlanar.

​Bu konsert ähli ýaşdaky tomaşaçylar üçin söýgüli ertekileriniň dünýäsine gaýtadan dolanmaga we sazlaryň professional ýerine ýetirilişinden lezzet almaga ajaýyp mümkinçilik döreder.

​Habarlaşmak we petekler üçin telefon belgileri: 72-45-12, (+993) 63-46-71-77, 26-69-17, 51-41-57,(+993) 64-03-74-56.