20-nji iýunda sagat 19:00-da Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Disney & Pixar» atly konsert bolar. Orkestre ýurduň at gazanan artisti Resul Gylyjow dirižýorlyk eder.
Konsertde tomaşaçylar üçin dünýäniň millionlarça muşdaklarynyň söýgüsini gazanan meşhur animasiýa filmleriniň sazlaryndan we mukamlaryndan ybarat bolan täsirli programma taýýarlanyldy.
Simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde «Arslan şa» (Король Лев), «Ýokaryk» (Вверх), «Kokonyň syry» (Тайна Коко), «Tarzan», «Kung-fu panda», «Eldoradonyň ýoly» (Дорога на Эльдорадо), «Ratatuy» (Рататуй), «Sowuk ýürek» (Холодное сердце), «Meri Poppins» (Мэри Поппинс), «Notr-Damly bökür» (Горбун из Нотр-Дама), «Enkanto» (Энканто), «Moana», «Madagaskar» ýaly meşhur multfilmleriň saz eserleri ýaňlanar.
Bu konsert ähli ýaşdaky tomaşaçylar üçin söýgüli ertekileriniň dünýäsine gaýtadan dolanmaga we sazlaryň professional ýerine ýetirilişinden lezzet almaga ajaýyp mümkinçilik döreder.
Habarlaşmak we petekler üçin telefon belgileri: 72-45-12, (+993) 63-46-71-77, 26-69-17, 51-41-57,(+993) 64-03-74-56.