Turkmenportal logo
Şu gün 09:53
50975097
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gahryman Arkadag Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda: Türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydyr. Müňýyllyklaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň buýsanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän bu ajaýyp sungatymyz dünýäde doly ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr» diýip belleýär.

«Täze taryhy döwürde halkymyzyň bütin dünýä ýaýran halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Bu nepis we ajaýyp sungaty Ýer ýüzünde wagyz etmek, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze görnüşlerini döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hünär ussatlygy, zähmetsöýerligi bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Olara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Biz mundan beýläk-de ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis. 

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň ajaýyp halylarynyň nagyşlarynda şöhlelendirilýän milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, behişdi bedewlerimiziň bady bilen röwşen geljege tarap ynamly barýarys. Müň öwüşginli halylarymyzda öz beýanyny tapýan asylly ýörelgelerimizden, däp-dessurlarymyzdan, halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinden ruhlanyp, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine belent sepgitlere ýetýäris» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gutlagynda uly buýsanç bilen nygtaýar.

Gahryman Arkadag Gutlag hatynyň ahyrynda toýlaryň bezegi, ojaklaryň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatyny döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.