Döwlet Baştutanlary we Hökümet ýolbaşçylary Gurban baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler. Bu barada TDH habar berýär.
Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II gutlagynda: «Sizi Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk baradaky arzuwlarymy beýan edýärin» diýip belleýär.
Owganystanyň Premýer-ministri Hasan Ahundyň gutlagynda bolsa: «Owganystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mübärek Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we arzuwlarymy beýan edýärin. Ähli musulman ymmatynyň rehimdarlygyny, raýdaşlygyny alamatlandyrýan bu baýramyň yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligiň we dost-doganlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär hem-de syýasy, söwda, üstaşyr, medeni we beýleki ulgamlarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ösdüriler diýip umyt edýärin» diýip, Premýer-ministr mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli Ýemen Respublikasynyň Prezident ýolbaşçylyk geňeşiniň başlygy Raşad Muhammad Al-Alimi tüýs ýürekden gutlap iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.