Türkiýäniň kenarýakasynda, Mugla ülkesindäki Marmarisiň golaýynda syýahat gämisi gark boldy, golaýdaky gämileriň kömege gelmegi bilen, ýolagçylaryň ählisini halas etmek başartdy. Hadysada heläk bolan ýa-da ejir çeken ýok diýip, IHA habarlar agentligine salgylanýan «Belta.by» habar berdi.
Waka sagat 15:45 töwerekleri Jennet adasyndaky Akwarium aýlagynda boldy. Gäminiň ekipažy katerdäki näsazlygy ýüze çykaryp, kenara ýüzüp ugrady. Ýolagçylara golaýdaky gaýyklar kömege gelip, halas etdiler. Gämi suwuň astyna gitdi.
Kenar goragy gullugynyň işgärleri derňew işlerini geçirýärler.