Hindistanyň ýaşaýjysy Sunil Jozef dünýäniň 31 ýurdunda öndürilýän 858 sany kagyz stakanlary toplap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Toplaýjylyk bilen ol çagalykdan gyzyklanyp başlady: markalary, teňňeleri we otluçöp gutularyna ýelmenen ýarlyklary toplady. Soňra Sunil adaty bolmadyk zatlara geçdi: uçar peteklerini, çaý paketjiklerini we kofe bulgurlaryny ýygnady.
Jozef öň hem telefon kartlarynyň toplumynyň arkasyndan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, 2014-nji ýylda olaryň 6 müňe golaýyny toplady. Häzir hindistanlynyň bu güýmenjesini dostlarydyr dogan-garyndaşlary hem işjeň goldaýarlar, oňa dürli ýurtlardan kagyz bulgurjyklary getirip berýärler.
Jozef indi täze rekord goýmakçy, ýagny toý çakylyklarynyň iri kolleksiýasyny ýygnap, Ginnesiň kitabyna girmekçi diýip, «UPI» neşiri ýazýar.