Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
40114011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fermada çopanyň käri üçin bildiriş bilen 59 million adam gyzyklandy
Surat: mir24.tv

Hytaýda ferma eýesi tarapyndan işgär gözleýändigi baradaky bildiriş internetde giň seslenme gazandy, oňa 59 milliona golaý adam seretdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Ýagny fermanyň eýesi Szo Sýaoýun apreliň aýagynda sosial torda iki sany çopan gözleýändigi barada bildiriş ýerleşdirdi. Ol tomusda 2 müň gektar ýerinde 3 müň ownuk mallaryny bakmak üçin maşgala jübütini gözleýändigini mälim etdi. Gyşyna bolsa, işgärler mallary iýmläp, ýataga salmalydy.

Ferma Içki Mongoliýa sebitinde ýerleşip, ol ýerde gyş aýlarynda howanyň derejesi minus 30 gradus sowaýar. Şeýle hem işgärler tutuş bir ýyllap adamlardan üzňelikde ýaşamaly.

Bildirişiň ýany bilen göm-gök meýdanda goýun bakyp ýören çopanyň wideoroligi ýerleşdirildi. Iş şertleriniň agyrdygyna seretmezden, teklip sosial torda ägirt uly gyzyklanma döretdi. Fermanyň eýesi Sýaoýun 700 töweregi seslenme alandygyny gürrüň berdi. Olaryň köpüsi oba hojalyk işgärleri däl-de, fabrikleriň işgärleri hem-de ofis işinden ýadan şäherlilerdi. Munuň sebäbi Hytaýda «996» iş düzgüni ýaýrandyr: oňa görä, adamlar ir sagat 9-dan agşam 9-a çenli hepdede alty gün işleýärler. Köpler şeýle iş düzgünine döz gelmän, zeýrenýärler.

Ahyrynda fermanyň eýesi dört çopany – iki sany är-aýaly işe aldy.

Fermanyň eýesiniň ýene 40 sany işgäriň içinden çopan saýlamak mümkinçiligi bar. Emma Sýaoýun ýeke ýaşaýanlary we şäherli ýigitleri işe almakçy däl diýip, «The Guardian» ýazýar.