Turkmenportal logo
Şu gün 09:03
45244524
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1 müň 993 inedördül metr haly dokaldy

Türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge hem-de ilatyň milli halylara bolan islegini kanagatlandyrmaga mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biri Halaç çeper halyçylyk kärhanasydyr.

Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada 1 müň 993 inedördül metr haly we haly önümleri dokalyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 129 inedördül metr köp boldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, önümçiligiň ösüş depgini takmynan 107 göterime deň boldy.

Kärhanada döredijilik gözlegleri yzygiderli alnyp barylýar. Gadymy nagyşlar bilen bir hatarda häzirki döwrüň ruhuny we ýurdumyzyň depginli ösüşini şöhlelendirýän täze nagyşlar hem döredilýär.