Turkmenportal logo
Düýn 15:30
91279127
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň haýsy ýurtlara has köp haryt eksport edýändigi belli boldy
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Statistika barada edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýanwar-mart aýlarynyň jemleri boýunça Respublika 2026-njy ýylda umumy bahasy 5,8 milliard amerikan dollary bolan harytlary eksport etdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Özbek harytlarynyň eksporty boýunça öňdäki onlukda Russiýa (1,1 mlrd $); Hytaý (641,7 mln $), Owganystan (443,6 mln); Fransiýa (405,9 mln $); Gazagystan (282,8 mln $); Türkiýe (231,6 mln $), BAE (172,3 $ mln); Gyrgyzystan (169,9 mln $); Täjigistan (140,8 mln $) we Gonkong (127,1 mln $) ýerleşdiler.

Bu döwürde Özbegistan 175 ýurt bilen söwda etdi. Daşary söwda dolanyşygynyň esasy bölegi bäş ýurda: Hytaý (23,6%), Russiýa (17,2%), Gazagystana (6,9%), Türkiýä (3,5%) we Owganystana (2,8%) degişli boldy.