Turkmenportal logo
Şu gün 11:17
57525752
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sazak — Türkmenistanyň özboluşly ösümligi

Türkmenistanyň umumy meýdanynyň 80 göterimini Garagum sährasy eýeleýär. Fiziki-geografiki şertlerine görä, Garagum üç uly bölege bölünýär: Merkezi Garagum, Üňüz aňyrsyndaky Garagum we Günorta-Gündogar Garagum.

Olaryň has ulusy Merkezi Garagumdyr, onuň meýdany 200 müň inedördül kilometrdir. Garagum çölüniň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Şeýle täsin we giňden ýaýran ösümlikleriň biride sazakdyr. Türkmenistanda sazagyň iki görnüşi ösýär: ak sazak we gara sazak ýa-da ojar, dünýäde bolsa ýene-de üçünji «zaýsan» diýilip atlandyrylýan görnüşi duş gelýär.

Zaýsan sazagy esasan Gazagystan döwletiniň çäginde giňden ýaýrandyr. Sazak urugynyň ady «Halo, xylon» diýlen grek sözlerinden gelip çykyp, «halos — duz» we «xylon — agaç» diýmegi aňladýar. Bulardan başga-da sazagyň ýene bir täsin ýeri Ak sazagyň ösüşi fewralyň ahyrynda başlaýar. Ol mart-aprelde gülleýär we sentýabrda miweleýär, tohumy güýzüň soňky (noýabr) günleri bişip ýetişýär. Çygly we ýyly ýaz möwsüminde sazak örän işjeň ösýär. Çöl-çägelik tokaýlarda ak sazak köp duş gelýär. Gara sazak-ojarlyklar azrak meýdany eýeleýär.

Ak sazak (Haloxylon persicum) gyrymsy agaç bolup, onuň beýikligi 2 — 5 metre ýetýär. Agaç sütüni agyr, ýöne agajy örän döwlegen açyk-çal gabykly gyrymsy ösümlik. Ýaş birýyllyk şahalary açyk-ýaşyl reňkli, bogunly. Ýapraklary gowşak ösen we sarymtyl, ýiti uçly teňňejikler görnüşinde pudaklaryň bogunlaryna gysylyp ýerleşýärler. Olar püre öwrülen we yssy howada suwy tygşytly ulanmaga ýardam edýär. Bu esasy alamaty boýunça ony gara sazakdan aňsat tapawutlandyryp bolýar.

Sütüniniň diametri 10 — 20 sm töweregi. Pudaklary bir ýylda 50 sm çenli ösýär. Ak sazagyň üstüni çäge basanda, onuň şahalary goşmaça kök çykarýar we çägäni berkidýär. Ak sazagyň şahalary döwlenden soň hem oňat ösýär hem-de täze baldaklar ösüp çykýar. Ak sazak diňe çägeliklerde ösýär. Ak sazak seýrekleşen tokaýlary we örüleri emele getirýär. Gyş döwründe düýeler, dowarlar ak sazagyň baldaklaryny, miwelerini we ýere gaçan pürlerini iýýärler.

Gara sazak, ýagny ojar (Haloxylon aphyllum), köplenç düzlüklerde, şorlaşan çägeliklerde we çäge ulgamlarynyň arasyndaky pesliklerde ösýär. Gara sazagyň boýy 5 — 8 metre ýetýär. Onuň sütüniniň diametri 50 — 70 sm ýetýär. Ak sazakdan tapawutlylykda gara sazak suwda çümýän has agyr agaç. Gabygy köplenç açyk goňur reňkli. Ak sazagyňka garanyňda birýyllyk ýaş şahalary has ýogyn, köplenç garamtyl-ýaşyl reňkde bolýar. Ýapraklary düýbünden ösmedik: bogunly şahajyklaryň düwüninde teňňejikler görnüşinde çykyp durýar. Bu ösümlik ýarym asyrdan hem köp ýaşaýar. Onuň bir düýbünden 200 gramdan 10 kg çenli tohum ýygnamak bolýar. Ekilen ilkinji ýyllarynda haýal ösýär, 5-6 ýyldan ösüşi tizleşýär we 12-nji ýylynda bolsa boýy 4-5 metre ýetýär. Ojaryň tohumlyk önümliligi ýaşyna we howa şertlerine baglydyr. Onuň ýaş nahallary az tohumlaýar, 10 — 12-den 35 — 40 ýaş aralygynda has bol miwe getirijiligi bellenýär. Çölüň gazaply gyş şertleri sebäpli ojar her ýyl miwelemeýär. Ojar dürli ekologiýa şertlerinde, ýagny ýerasty suwlaryň çuň bolmadyk ýerlerinde, şorlaşan topraklarda, çägelerde, pes daglaryň we dag etekleriniň topraklarynda oňat ösýär.

Ak we gara sazak Merkezi Aziýanyň çöl ösümlik toparlanmalarynyň dominanty bolmak bilen «sazak tokaýlyklaryny» emele getirýärler. Ak sazak çägeli çöllükleriň hemme ýerlerinde, Eýranyň günortasyndan Jungar-Kaşgaryň demirgazygyndan gündogaryna çenli ýaýrandyr. Gara sazagyň ýaýrawy has giňdir: Eýrandan Jungar-Kaşgara we Mongoliýa çenlidir.