Turkmenportal logo
Düýn 17:34
72717271
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn» restoranlar ulgamy «Ak şäherim Aşgabat» sergisine gatnaşdy

«Altyn» restoranlar ulgamy Türkmenistanyň paýtagtynyň 145 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň gatnaşyjylarynyň biri boldy. Bu giň gerimli çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, işewürligiň we hyzmatlar ulgamynyň wekillerini bir ýere jemledi.

«Altyn» restoranlar ulgamynyň dürli görnüşli tagamlary bilen bezelen furşet stoly ýerleşdirilen diwarlygy myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Serginiň myhmanlary Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda ýokary hilli hyzmaty, milli hem-de ýewropa aşhanasynyň baý tagamlary bilen tanalýan restoranlar ulgamynyň baý menýusy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Şeýle hem sergä gatnaşyjylar görkezilen tagamlaryň käbirini dadyp görmek bilen, aşpazlaryň ussatlygyna, önümleriň hiline we tagamlaryň özboluşly hödürlenişine ýokary baha berdiler. Bu sergä gatnaşmak «Altyn» restoranlar ulgamyna özüniň gastronomik mümkinçiliklerini görkezmäge we myhmansöýerlik medeniýetine berýän ünsüni aýratyn nygtamaga şert döretdi.

«Sergä gatnaşmak biziň üçin myhmanlara öz aşhanamyzy we «Altyn» restoranlarynyň özboluşly gurşawyny tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Biz myhmansöýerligiň iň gowy däplerini saklamak bilen, şol bir wagtyň özünde, hyzmat we tagamlaryň hili babatda döwrebap çemeleşmeleri hödürlemäge çalyşýarys» diýip, restoranlar ulgamynyň wekili belledi.

Her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ak şäherim Aşgabat» sergisi türkmen kompaniýalarynyň gazanan üstünliklerini görkezmek hem-de gatnaşyjylaryň arasyndaky işewürlik we medeni gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.