Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary 21-22-nji maýda Kazan şäherinde geçirilen «Sport lukmanlarynyň Kazan kluby» atly V her ýylky bütinrussiýa ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleri kärdeşleri bilen sport lukmançylygy ugrundaky toplan tejribelerini we bilimlerini paýlaşdylar.
Maslahat Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hem-de Fizioterapewtleriň we reabilitologlaryň halkara federasiýasynyň goldawy bilen Powolžýe döwlet bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk uniwersitetiniň binýadynda geçirildi.
Çäre sport lukmançylygy ulgamynda anyklaýyş we bejeriş işlerinden başlap, reabilitasiýa hem-de türgenleriň saglygyny uzak möhletli gorap saklamaga çenli hünär derejesindäki dialogy we iň gowy tejribeleri alyşmagy guramak maksady bilen lukmanlary, alymlary, tälimçileri we reabilitologlary bir ýere jemledi.