Ozal habar berşimiz ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Stambulda geçirilen VIII Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşyp, bu ýerde dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen wekiliýetler bilen bir hatarda türkmeniň at üstündäki oýunlar sungatyny görkezdiler.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dünýäniň 24 ýurdundan 1000-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu çäräniň jemleýji gününde festiwala gatnaşyp okary netijeleri görkezen toparlar sylaglandy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna festiwalyň ýapylyş dabarasynda-da möhüm orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli şahadatnamasyna hem-de medallara mynasyp bolmagy onuň at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň hem-de toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejesinde ýokary baha mynasyp bolýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Halkara festiwalyna Ýaponiýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ispaniýanyň, Litwanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň, Meksikanyň, Bangladeşiň, Gruziýanyň, Liwanyň, Tanzaniýanyň hem-de başga-da birnäçe döwletleriň toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Festiwalda türkmen atly ýigitleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy.