Şu gün Aşgabatda «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» şygary astynda geçirilen iki günlük «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara forumy öz işini tamamlady.
Çärä 50-den gowrak döwletiň wekilleri — hökümet agzalary, halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, maliýe institutlarynyň, maýa goýum kompaniýalarynyň, şeýle hem gurluşyk, binagärlik we tehnologiýa kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Forumyň maksatnamasyna resmi açylyş dabarasy, halkara sergi, BMG-niň durnukly we akylly şäherleri ösdürmek boýunça ýokary derejeli «tegelek stoly», «Aşgabat — 2045» strategik plenar mejlisi, şeýle hem B2B we B2G formatlaryndaky ikitaraplaýyn duşuşyklar girdi. «Aşgabat — 2045» mejlisinde paýtagtyň sanlylaşdyrylan we ekologiýa ugurly şäher hökmündäki uzak möhletleýin ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow forumyň jemleri boýunça beren beýanatynda bu çäräniň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigini tassyklady we ähli gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi.
«Zaha Hadid Architects» kompaniýasynyň uly hünärmeni Sattor Jabborow çykyşynda binagärlik dizaýnynyň sanly tehnologiýalar, ýagny binalaryň maglumat modelirlemesi, 3D çap we robototehnika bilen utgaşdyrylmagynyň häzirki zaman şäher giňişliklerini döretmegiň hökmany şertine öwrülendigini belledi.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar uzak möhletleýin maýa goýum we innowasion taslamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny aýtdylar.