Turkmenportal logo
Şu gün 15:30
36823682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aksoltan Ataýewa: «Geosyýasy dartgynlylyk şertlerinde bitaraplyk taryhy zerurlyga öwrüldi»

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamany kabul etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Gahrymany Aksoltan Ataýewa «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda bu resminamanyň kabul edilmegini şanly ýylyň taryhy wakalarynyň biri diýip atlandyrdy. Diplomatyň bellemegine görä, barha artýan geosyýasy dartgynlylyklar, gapma-garşylyklar, çökgünlikler we köptaraply hyzmatdaşlygyň öňünde durýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny dowam edýär. Şeýle şertlerde dialogy, öňüni alyş diplomatiýasyny we jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözmegi öňe sürmek diňe bir möhüm bolman, eýsem, taryhy zerurlyga öwrülýär.

Kararnama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy barada öň kabul edilen Kararnamalara esaslanýar. Onda BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukuga laýyklykda alnyp barylýan bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de durnukly ösüşi goldamaga ukyplydygy ýene-de bir gezek tassyklanylýar.

Şeýle-de Aksoltan Ataýewa bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmakda tejribe alyşmak üçin meýdança bolan we 2020-nji ýylda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň aýratyn ornuny belledi. Bu topara başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan parahatçylyk we howpsuzlyk ulgamynda köptaraply dialoga hem-de hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar.

Aksoltan Ataýewanyň berýän bahasyna görä, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 32-nji Kararnama parahatçylyk medeniýetini, öňüni alyş diplomatiýasyny we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.