Turkmenportal logo
Şu gün 14:27
29352935
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi ozalky Premýer-ministr Fumio Kisida bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri, Liberal-demokratik partiýasynyň Ösüş strategiýasynyň ştabynyň ýolbaşçysy Fumio Kisida bilen duşuşyk geçirdi diýip, Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, parlamentara we partiýalarara gatnaşyklary, şeýle hem ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa guralan saparyň çäklerinde ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly geçirilen matam çärelerine gatnaşan wagty Fumio Kisida bilen geçiren taryhy duşuşygy aýratyn bellenildi. Kisidanyň 2022 — 2024-nji ýyllarda premýer-ministrlik eden döwründe Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçiren telefon arkaly gepleşikleri mähirlilik bilen ýatlandy we türkmen tarapynyň Ýaponiýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, duşuşykda türkmen-ýapon syýasy, parlamentara we partiýalarara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk ugurlaryna, nebitgaz we himiýa senagatyndaky iri taslamalara gatnaşýan ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek, şeýle hem iki ýurduň ykdysady özara hereketini güýçlendirmek meselelerine garaldy.