Turkmenportal logo
Düýn 12:12
51635163
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«MB» «Ak şäherim Aşgabat» sergisinde özüniň täze bişirilen çörek önümlerini we aýakgaplaryny görkezdi

«MB» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň paýtagtynyň 145 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine gatnaşýar. Kompaniýanyň sergi bölümi gastronomik önümleriň we döwrebap aýakgap ýygyndylarynyň utgaşmasy bilen, myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Sergide «MB» özüniň «MB Gourmet Patisserie & Brasserie» brendi astynda öndürilýän ýokary hilli çörek we konditer önümleri bilen tanyşdyrýar. Sergä gatnaşyjylar önümçiliginde ýokary hilli önümler we döwrebap tehnologiýalar ulanylýan dürli görnüşli süýjülikler bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.

Kompaniýa konditerlik ugry bilen bir hatarda, özüniň «MB Shoes» aýakgaplar ýygyndysyny hem görkezýär. Bu brendiň önümleri amatlylygy, berkligi we döwrebap dizaýny özünde jemleýär. Kompaniýada önümleriň hiline we daşky görnüşine aýratyn üns berilýär, şeýle hem müşderileriň islegine görä ýörite sargyt boýunça we şahsy dizaýndaky aýakgaplary taýýarlamak hyzmaty hödürlenilýär.

Ähli önümler hapalanmaga we reňkiniň öçmegine garşy durnuklylygyny artdyrmak üçin ýörite taýýarlyk tapgyryndan geçirilýär. Bu bolsa aýakgaplaryň daşky keşbini we ulananyş aýratynlyklaryny uzak wagtlap saklamagyna mümkinçilik berýär.

«Biz ýurdumyzyň öňdebaryjy kompaniýalaryny bir ýere jemleýän «Ak şäherim Aşgabat» sergisine gatnaşýandygymyza örän şat. Bu çäre biziň üçin işimiziň birbada birnäçe ugry bilen tanyşdyrmak, önümlerimiziň hilini görkezmeke we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin uly mümkinçilikdir» diýip, «MB» hojalyk jemgyýetiniň wekili belledi.

Hödürlenýän harytlaryň köpdürlüligi netijesinde, kompaniýanyň diwarlygy halkara serginiň myhmanlarynda hem-de gatnaşyjylarynda uly gyzyklanma döredýär.