Turkmenportal logo
Şu gün 10:53
83348334
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep uçurymlary üçin soňky jaň ýaňlandy

Şu gün Türkmenistanyň ähli mekdeplerinde soňky jaň dabarasy geçirildi.

Geçirilen dabaraly nyzamlarda mekdep uçurymlaryny mugallymlar, ene-atalar we ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri gutladylar.

2025–2026-njy okuw ýylynda ýurduň okuwçylary halkara we milli bäsleşiklere gatnaşyp, köp sanly altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow uçurymlara gutlag ýüzlenmesinde «Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýydyr, milli buýsanjymyzdyr, geçirýän bilim özgertmelerimiziň ajaýyp miweleridir» — diýip belledi.

Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, şu okuw ýylynda Aşgabat şäherinde 12 müň 851, Arkadag şäherinde 237, Ahal welaýatynda 14 müň 337, Balkan welaýatynda 8 müň 680, Daşoguz welaýatynda 23 müň 798, Lebap welaýatynda takmynan 23 müň 700 we Mary welaýatynda 25 müňden gowrak uçurym mekdebi tamamlady.