Turkmenportal logo
Düýn 23:34
73417341
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanyň Raisi türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi
Surat: Surat: rais.tatarstan.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň adyndan iberen Alabaý hem-de Alaja atly arassa ganly tohum itleri gowşuryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu karara ýakynda Kazana amala aşyran saparynyň dowamynda gelendigini bellemek gerek. Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Liderine 2021-nji ýylda Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly alabaýy hem görkezilipdi.

Tatarstanyň Raisi Rustam Minnihanow özüniň «X» sosial sahypasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn dostlugyň nyşany hökmünde bir jübüt türkmen alabaýyny sowgat berendigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdi. Bu barada tatar-inform.ru habar berýär.

«Indi Akdusyň täze dostlary bar – Alabaý we Alaja! Türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin! Alabaý iti Türkmenistanyň milli buýsanjynyň hem-de bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygynyň nyşanydyr. Şeýle ajaýyp sowgady almak biziň üçin uly mertebedir. Sag boluň, Gurbanguly Mälikgulyýewiç!» — diýip, Rustam Minnihanow belleýär.