Turkmenportal logo
Düýn 16:31
46044604
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
CSCEC kompaniýasy Aşgabadyň ösüşine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

«CSCEC International Operations» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Gao Bo «Ak şäher Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisinde çykyş edip, hytaý korporasiýasynyň Türkmenistanyň paýtagtyny durnukly, akylly we dünýä bilen berk baglanyşykly şäher hökmünde ösdürmäge gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Forumyň gatnaşyjylarynyň öňünde çykyş eden Gao Bo maslahat beriş hyzmatlaryndan başlap, desgalary ulanmaga çenli ähli tapgyrlary öz içine alýan toplumlaýyn şäher ösüş modeli bilen tanyşdyrdy.

China State Construction Engineering Corp. Ltd. (CSCEC) dünýäniň iň iri maýa goýum-gurluşyk topary bolup, onuň ýyllyk dolanyşygy 320 milliard ABŞ-nyň dollaryna, täze şertnamalarynyň umumy möçberi bolsa 650 milliard ABŞ-nyň dollaryna deňdir. Kompaniýa Fortune Global 500 sanawynda 16-njy orny eýeleýär hem-de ENR reýtingine görä dünýäniň gurluşyk potratçylarynyň arasynda birinji ýerde durýar.

«Hytaýyň döwlet kärhanasy hökmünde CSCEC Hytaýyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirer hem-de ýurduň ykdysady we durmuş ösüşini doly goldar» — diýip, Gao Bo öz çykyşynda belledi.

Soňky 40 ýylyň dowamynda korporasiýa Hytaýda 50-ä golaý täze şäheriň meýilleşdirilmegine we gurluşygyna ýolbaşçylyk etdi. Şolaryň hatarynda Sýunan täze sebiti, Tunçžou işewürlik merkezi we beýleki iri taslamalar bar. Halkara derejede bolsa, CSCEC 100-den gowrak ýurtda taslamalary amala aşyrýar. Olaryň arasynda Müsüriň täze paýtagtyndaky işewürlik merkezi, Özbegistanda «Täze Daşkent» taslamasy hem-de Gazagystandaky Alatau şäheri bar.

CSCEC kompaniýasynyň modeli dört esasy tapgyryň utgaşdyrylmagyna esaslanýar: maslahat beriş, maýa goýum, gurluşyk we desgalary ulanmak. Kompaniýanyň dünýä boýunça takmynan 380 müň hünärmeni bar, şeýle hem 1 milliondan gowrak hyzmatdaşyny öz içine alýan sanly üpjünçilik ulgamy hereket edýär.

«Durnuklylyk — şäheriň diregi, akyllylyk — onuň beýnisi, baglanyşyklylyk bolsa onuň gan aýlanyş ulgamy bolup durýar. Diňe şu üç düzüm bölegini utgaşdyrmak arkaly Aşgabat ynamly ösüş ýolunda öňe hereket edip biler» — diýip, «CSCEC International Construction Co. Ltd.» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy, Hytaý Halk Respublikasynyň wekili nygtady.