Turkmenportal logo
Düýn 10:42
1063610636
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti  galla oragyna başlamaga ak pata berdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada 22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edildi.

TDH-de habar berlişi ýaly, wise-premýer T.Atahallyýew mejlisiň dowamynda ýetişdirilen bugdaýyň bol hasylyny gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurduň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 3-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 10-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşululardan galla oragyna «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdar zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.