Turkmenportal logo
Düýn 10:13
98259825
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Demirýollary» AGPJ-niň ýolagçy wagonlaryny abatlamak işlerine girişiler

Ozal habar berşimiz ýaly, 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer B.Annaýew ýurduň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülerine laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar. Ilata ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda meýilnamalaýyn düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hytaýyň iri dünýä belli kompaniýalarynyň döwrebap tehnikalaryny Türkmenistana getirmek bilen olar hyzmatlar ulgamynda işjeň ulanylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.