Turkmenportal logo
22.05.26
95899589
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy
Surat: Surat: mejlis.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

D.Gulmanowa döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagynda, durmuşa geçirilmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtady. 

Türkmen tarapy GDA-da 2026-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda saglygy goramak ýyly: ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» atly şygar astynda geçýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň giň ykrarnamasyna eýe bolandygyny belledi. 

Şeýle hem bu ugurda Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmäge, tejribe alyşmaga we milli strategiýalary özara utgaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Mejlise gatnaşyjylar Parlamentara Assambleýanyň diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň kanunçylygyny kämilleşdirmäge, parlament işini pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler.