Turkmenportal logo
Düýn 17:04
82858285
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Aleksandr Turçini kabul etdi diýip, HHM habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostluk, özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini bellediler. Türkmenistan we Belarus halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, köptaraplaýyn meýdançalarda biri-birine goldaw berýärler.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we özara söwda dolanyşygyny artdyrmaga aýratyn üns berildi. Taraplar obasenagat toplumyny hem-de ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagy geljegi uly ugurlar hökmünde görkezdiler.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ynsanperwer ugry barada hem aýratyn durup geçdiler. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler: Belarusyň ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamagy dowam etdirýärler.

Aleksandr Turçin Aşgabatda geçirilýän GDA sammitiniň Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.