Turkmenportal logo
Düýn 17:21
1208012080
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
M.Mişustin GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabada geldi. Russiýanyň Premýer-ministrini howa menzilinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin garşyladylar diýip, RF-niň Hökümetiniň saýty habar berýär.

Saparyň dowamynda Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşdylar. Hususan-da, senagat, energetika we logistika ugurlaryna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň, Hindistanyň, Pars aýlagy ýurtlarynyň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Afrikanyň bazarlarynda täze söwda mümkinçiliklerini açýan «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. 

«Biziň saparymyzyň diňe bir söwda-ykdysady däl, eýsem, dostlukly halklarymyzy baglanyşdyrýan medeni gatnaşyklarymyzyň ösmegine hem täze itergi berjekdigine umyt edýärin» diýip, Mişustin duşuşygyň netijeleri boýunça mälim etdi.