Turkmenportal logo
22.05.26
83628362
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Kann kinofestiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň Kann şäherinde geçirilen 79-njy halkara Kann kinofestiwalyna gatnaşdy. On günläp dowam eden çäräniň dowamynda gatnaşyjylar kinematografiýanyň geljegi, täze döredijilik ykdysadyýeti hem-de filmleri öndürmekde häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny barada pikir alyşdylar.

Saparyň çäklerinde türkmen wekilleri Festiwallar köşgünde geçirilen «AI Film Forum» sammitine gatnaşyp, emeli aňyň kino pudagynda ulanylmagy we onuň pudagyň ösüşine ýetirýän täsiri boýunça halkara bilermenler bilen pikir alyşdylar. Mundan başga-da, wekiliýet wirtual önümçilik ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanda wirtual hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri, şeýle-de hyzmatdaşlygyň ähtimal ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Fransiýanyň Milli kino merkezi (CNC) festiwalyň çäklerinde guralan immersiw innowasion sergi bilen türkmen tarapyny tanyşdyrdy. Görkezilen tehnologiýalar kino sungatynyň geljekki ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde bahalandyrylýar.

ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Fransiýanyň iri kino pudaklarynyň wekilleri Türkmenistanyň döredijilik ykdysadyýetini hem-de kino sungatyny ösdürmäge gyzyklanma bildirip, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.