Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul – Dubaý – Stambul ugry boýunça uçuşlaryň 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda wagtlaýyn togtadylandygyny we olaryň 2026-njy ýylyň 9-njy iýunyndan täzeden dikeldiljekdigini habar berdi.
Yglan edilen uçuş tertibine görä, gatnawlar her gün — hepdede ýedi gezek amala aşyrylar.
TK 762 gatnawynyň Stambuldan uçuşy ýerli wagt bilen 01:30-a meýilleşdirilýär, Dubaýa gonýan wagty bolsa 06:55-de bolar. Gaýdyş TK 763 uçar gatnawy Dubaýdan 08:30-da uçup, Stambulda 12:20-de gonar.
Bu gatnawyň gaýtadan işe girizilmegi Türkiýäniň iň uly şäheri bilen Ýakyn Gündogaryň öňdebaryjy işewürlik we syýahatçylyk merkezleriniň biriniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltmäge mümkinçilik berer.
Turkish Airlines awiakompaniýasy Star Alliance awiakompaniýalar bileleşigine girýär we 1933-nji ýylyň 20-nji maýynda bäş uçarly kiçi flot bilen esaslandyryldy. 2026-njy ýylda Türkiýäniň milli awiakompaniýasy öz döredilen gününiň 93 ýyllygyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýanyň howa floty 519 uçar (ýolagçy we ýük uçarlary) düzüminden ybarat bolup, ol dünýäniň 132 ýurdundaky 356 ugra uçar gatnawlaryny ýerine ýetirýär. Munuň içinde 303 halkara we 53 içerki ugur bar.