Turkmenportal logo
22.05.26
67606760
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Ak şäher Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi, ylmy-innowasiýalaryň mekany» ady bilen sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Oňa Türkmenistanyň, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Azerbaýjan, Belarus, Koreýa Respublikasy, Gruziýa, Gyrgyzystan, Gazagystan, Çernogoriýa, Täjigistan, Malaýziýa, Latwiýa, Russiýa, Pakistan, Finlýandiýa, Özbegistan ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, kompaniýalaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Maslahat gurluşyk pudagynda ylmy gazanylanlary we tejribeleri alyşmaga, hünärmenleriň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmaga, 145 ýyllygy bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününi dabaralandyrmaga, şäher gurluşygynda ýurdumyzyň ýeten sepgitleri bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmaga bagyşlandy.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş eden daşary ýurtly alymlar wekilçilik edýän ýurtlarynyň binagärlik sungatynyň taryhy, dünýäniň gurluşyk tejribesinde giňden ornaşdyrylýan häzirki zaman innowasiýalar hem-de täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalar barada gürrüň berdiler. 

Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň bilermenler toparynyň başlygy, fizika-matematika ylymlarynyň doktory Paate Janelidze çykyşynda şäher gurluşygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerinden peýdalanmagyň ekologiýa we daşky gurşawa ýetirýän täsirine ünsi çekdi.

Gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň öňe süren garaýyşlary halkara maslahatyň «Binagärlik we gurluşyk innowasiýalary, döwrebap materiallar we ösen tehnologiýalar», «Binagärlik, dizaýn, şähergurluşyk we ilatly ýerleriň meýilleşdirilişi», «Sanly tehnologiýalaryň gurluşykda we binagärlikde ornaşdyrylmagy, gurluşygyň ykdysadyýeti», «Gurluşykda ekologiýa, durmuş howpsuzlygy we alternatiw energiýa çeşmeleri» atly bölümlerinde giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.