Bütindinýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekili Ann Ansiýa Kongo Demokratik Respublikasyny gurşap alan Ebola gyzzyrmasynyň möwjemesi uzak dowam edip biler diýýär. Ol öňki ýokanjyň iki ýyl dowam edendigini-de ýatlatdy diýip, «Azertaj» habar berdi.
«Men ýokanç iki aýyň dowamynda tamamlanar diýip pikir etmeýärin. Ýokanjyň çägi biziň onuň garşysyna çäre görşümize, ýaýramagynyň öňüni näderejede tiz alşymyza bagly bolar. Bizde oňa garşy sanjym ýok, şonuň üçin ilat bilen hyzmatdaşlyk etmelidiris» diýip, wekil Kongoda metbugata beýanat berdi.
BSGG-niň başlygy Tedros Adanom Gebreýesus öň Kongoda Ebola ýokanjy bilen kesellänleriň 32-siniň we 500 sany çak edilýänleriň hasaba alnandygyny habar berdi.