Lebap welaýatynyň ýüpekçileri 2026-njy ýylda 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şu ýyl welaýatyň ýüpekçilerine 27 müň 656 guty gurçuk tohumy paýlanylyp berildi. Şonça tohumdan meýilnama boýunça 1010 tonna pile öndürmek üçin ýüpekçi hojalyklaryň 22 müň 709-sy bilen şertnama baglaşyldy. Ýüpek gurçuklary agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda doly we dogry idedildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gazanylan zähmet ýeňşinde aýry-aýry etraplaryň ýüpekçi kärendeçileriniň goşandy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda iň ýokary görkeziji Çärjew etrabynyň ýüpekçilerine degişli. Olar 173 tonnadan gowrak ýokary hilli pile ýygnamagyň hötdesinden geldiler.
Dänew etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri Watan harmanyna 140 tonnadan gowrak, Halaç etrabynyň ýüpekçileri 146 tonnadan gowrak, Saýat etrabynyň pileçileri bolsa 132 tonnadan gowrak gymmatly çig mal tabşyrdylar.