Turkmenportal logo
Şu gün 10:44
29242924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Sprut» serialyndaky komissar Kattani – Mikele Plaçido 80 ýaşady
Surat: rg.ru

Italiýaly aktýor Mikele Plaçido geçen asyryň 90-njy ýyllarynda teleýaýlymlarda görkezilen «Sprut» serialyndaky komissar Kattaniniň keşbi arkaly meşhurlyk gazandy.

Plaçido beýleki kinofilmlerde surata düşmek üçin bu gahrymany serialda «öldürmek» barada haýyş bilen režissýordan we ssenariçiden az haýyş etmändir. Öňki SSSR-iň tomaşaçylary komissaryň serialda janyna kast edilenden soňra Italiýanyň ilçihanasyna ony gaýtadan seriala dolap getirmek barada talap hatlaryny ýollapdylar diýip, «rg.ru» gürrüň berýär.

Mikele Plaçido sekiz çagaly maşgalada bäşinji perzentdi. Onuň kakasy mekdepde geometriýa mugallymydy, ejesi öý hojalykçydy. Mikele neberelerinde ilkinji aktýor boldy. On sekiz ýaşynda monastyrdaky mekdebi tamamlap, Rime göçdi. Polisiýa işe durdy. Soňra Silwio D’Amiko adyndaky drama sungaty akademiýasyny gutaryp, 1972-nji ýylda kinoda surata düşmäge başlady. Ol häzire çenli 130-dan gowrak filmde keşp janlandyrdy, 20-den gowrak filme režissýorlyk etdi.

80 ýaşly goja aktýoryň bäş çagasy bar, olaryň ählisi-de ykballaryny kino sungaty bilen baglady. Segsen ýaşly Mikele Plaçido kinoda we teatrda işlemegini dowam edýär.